Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
Tokioda 27-nji martda Türkmen-ýapon işewürlik maslahaty geçiriler
26 Mart, 2024 ý.

27-nji martda Tokioda geçiriljek Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürlik maslahatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşylar.

Forumyň barşynda maýa goýum, senagat, ulag-logistika, hususy ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garalar.

Şunuň bilen birlikde, Ýaponiýada geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony hem-de onda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanynyň garamagyna işewürlik maslahatynyň Iş maksatnamasynyň taslamasy hödürlenildi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda yzygiderli geçirilýän sergileriň, işewürlik maslahatlarynyň, forumlaryň hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde uly ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutany Tokio şäherinde Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürlik maslahatyny guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.