Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
Türkmen tarapy Hytaýda geçiriljek Kanton ýarmarkasyna çakylyk aldylar
27 Mart, 2024 ý.

Türkmen işewürleri 15-nji aprelda Guançžouda (Hytaý) açyljak 135-nji Kanton ýarmarkasyna çagyrylýar.

Bu ýarmarka tutuş dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleri üçin iň möhüm we meşhur çäreleriň biridir.

Kanton ýarmarkasy 1957-nji ýyldan bäri ýaz we güýz aýlarynda geçirilýär.

Onuň her mejlisi 5 günlik 3 tapgyrdan ybarat bolup, her tapgyryň arasynda 4 gün arakesme berilýär. Tapgyrlaryň 3-si hem «Pazhou Complex» toplumynda geçiriler.

Birinji tapgyr 2024-nji ýylyň 15-19-njy aprel aralygynda, ikinji tapgyr 23-27-njy aprel aralygynda, üçünji tapgyr 1-5-nji maý aralygynda geçiriler.

Öňdebaryjy önümçilige bagyşlanan birinji tapgyrda maşyngurluşyk we elektroenjamlar ýaly pudaklar, şeýle hem hytaý önümçiliginiň täze ugruny görkezmek maksady bilen, ýokary tehnologiýalar pudagy tanyşdyrylar. Şolaryň hatarynda elektron önümler we öý-hojalyk tehnikasy, enjamlar, awtomobiller we olaryň ätiýaçlyk şaýlary, gurluşyk materiallary bar.

«Ýokary hilli öý durmuşy» atly ikinji tapgyrda öý hojalygynda ulanylýan dürli ýokary hilli önümler, sowgatlyk harytlary, öý bezegleri tanyşdyrylar.

«Has gowy durmuş» ady bilen geçjek üçünji tapgyrda dokma önümleri, derman serişdeleri, azyk harytlary görkeziler.

Umuman, on müňlerçe önüm öndüriji bu sergide bir ýerde jemlener.

Gatnaşmaga gyzyklanma bildirýänler 21-23-64/75 telefon belgisi boýunça ýüz tutup bilerler.