Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
29 Mart, 2024 ý.

2024-nji ýylyň 28-nji martynda «Çarlak» myhmanhanasynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň hem-de Türkmenbaşy şäher polisa bölüminiň wekilleriniň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Oňa agentligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.

Çykyş eden wekiller her bir işgäriň umumy etiki kadalaryny we işde, köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň düzgünleri, jenaýatyň öňini almak, kanun bozulmalary aradan aýyrmak hem-de Türkmenistanyň kada-kanunlaryny berjaý etmek barada öwüt-ündew etdiler.

Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda ýurdumyzda her bir raýatyň täze döwrebap, ösen tehnologiýaly binalarda zähmet çekmekleri üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri uçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyz çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.