Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
Elektrik deňziň düýbüni çuňaldyjy gämi: «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody we «De Klop B.V.» tagallalaryny birleşdirýärler
01 Aprel, 2024 ý.

 

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň Baş direktorynyň orunbasarynyň Niderlandlar Patyşalygyna iş saparynyň çäginde, deňziň düýbüni çuňaldyjy gämilerini, läbik sorujylary öňdebaryjy öndürijisi bolan  «De Klop B.V».-iň paýdarlary bilen netijeli ýygnak geçirdi.

Duşuşyk Slidreht şäherinde ýerleşýän «Baggermuseum» muzeýinde geçdi. Duşuşykda «Balkan» zawody we «De Klop B.V.» arasynda Türkmenistanyň çäginde lokalizasiýa, bilelikdäki gurluşyk hem-de deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileri taslamaşdyrmak ugurlary babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekligiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileri bilelikdäki gurulmagyna, Türkmenistanyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutulyp deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileri taslamalaşdyrmak, şeýle hem, «Balkan» zawodynda deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileriniň esasy enjamlaryny we mehanizmlerini abatlamak boýunça zawodyň hünärmenleriniň tejribesini artdyrmak üçin, ýörite okuwlaryň geçirmegine gyzyklanma bildirdi.

«De Klop B.V.»-niň paýdarlary bu gyzyklanmany höwes bilen goldadylar we deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileri gurmagyň we abatlamagyň ähli ugurlarynda bilelikde işlemäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Taraplar tehniki we täjirçilik tekliplerini taýýarlamak, deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileriň taslamalaşdyrylmagy we gurluşygy babatynda tejribe alyşmak, şeýle hem, türkmen hünärmenleri üçin okuw guramaklyga taýýarlygy barada mälim etdiler.

Adaty deňziň düýbüni çuňaldyjy gämilerden başga-da, «De Klop B.V.» elektrik togunda işleýän deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileriniň taslamalary bilen hem tanyşdyrdy. Bu bolsa Türkmenistanda elektrik energiýasynyň bahasynyň arzan bolmagy göz öňüne tutulyp, bu görnüşli gämiler Türkmenistan üçin amatly bolar.

 

«De Klop B.V.»-niň paýdarlary türkmen hünärmenleri üçin diňe tehniki taýdan däl, eýsem operasion treninglaryna taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu bolsa, olaryň hünär derejelerni hem-de başarnyklaryny ýokarlanmagyna kömek eder.

«De Klop B.V.»-niň paýdarlary bilen geçirilen duşuşykdan başga-da, «Balkan» zawodynyň Baş direktorynyň orunbasary «Dredge Yard B.V.» we «Dredging Service Europe» kompaniýalaryň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi. Bu kompaniýalaryň wekilleri Hazar deňzinde, şeýle hem Türkmenistanyň içerki suwlarynda deňziň düýbüni çuňaldyjy işlerine gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler. Taraplar deňziň düýbüni çuňaltmak  işleri we bu işleriň dowamynda häzirki zaman tehnologiýalaryny we enjamlaryny ulanmak babatyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Bu duşuşyklar, Türkmenistanyň uly maýa goýum mümkinçilikleriniň bardygyny we gämi gurluşygy we deňziň düýbüni çuňaltmak pudagy boýunça dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ünsüni özüne çekýändigini görkezýär. Bu kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistana gämi gurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmaga, hünärmenleriň hünär derejeleriniň ýokarlandyrmagyna we deňziň düýbüni çuňaldyjy işleriniň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.