Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgyýeti «Damen Shipyards Group» kompaniýasy bilen strategiki hyzmatdaşlygy ýola goýmak meýilleşdirilýär!
01 Aprel, 2024 ý.

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktoryň orunbasarynyň Niderlandlar patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäginde «Damen Shipyards Group» kompaniýasynyň çakylygy esasynda, kompaniýanyň Gorinhem şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Önümçilik direktory Oliwer Markus şeýle hem Satuw boýunça regional direktory Mark Taýssen bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda «Damen Shipyards» kompaniýasy gazuw işlerini amala aşymak boýunça täze tehnologiýalary bilen tanyşdyryp, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmek islegleriniň bardygy barada aýtdy, şeýle hem gysga wagtyň dowamynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» bilen strategiki hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça teklibini berjekdigi barada belläp geçdi.

Duşuşykdan soň, Damen Shipyards kompaniýasynyň wekilleri «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktoryň orunbasary bilen Gornihem şäherinde ýerleşýän gämi gurluşyk zawodynda gezelenç etdiler.