Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirildi
03 Aprel, 2024 ý.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 61-nji mejlisi geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça deňagramly çözgütleri işläp düzmekde hemişe işjeň orny eýeleýändigini bellediler. Nygtalşy ýaly, Türkmenistan Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň berkidilmeginde möhüm orny eýeledi we bu ugurdaky işler halkara hukugynyň çäginde ähli hazarýaka ýurtlary bilen hyzmatdaşlykda dowam etdirilýär.

Mejlise gatnaşyjylar  ykdysadyýet, howpsuzlyk, ulag we halkara çärelerini guramak ýaly möhüm ugurlary öz içine alýan Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 2024-nji ýyl üçin çäreleriniň Meýilnamasyny giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň ekologiýa diplomatiýasyndan ugur almak bilen daşky gurşaw meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň kenarýaka döwletleri bilen dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan giň gerimli hyzmatdaşlygyny berkitmek ugrunda işjeň hereketleri dowam etdirjekdigini nygtadylar.