Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
Türkmenistanyň Prezidenti 9-njy maýda Moskwada geçiriljek harby ýörişe gatnaşar
07 Maý, 2024 ý.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň rus tarapynyň çakylygy boýunça 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçiriljek dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşar.

Dabaralara hormatly myhman hökmünde, şeýle-de Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Dias-Kanel Bermudes, Laos Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Thonglun Sisulit we Gwineýa-Bisau Respublikasynyň Prezidenti Umaru Sissoku Embalo gatnaşarlar.

Çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, döwlet Baştutanlary dabaraly harby ýöriş tamamlanandan soňra, Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna bararlar we ol ýerde Näbelli esgeriň guburyna gül goýmak çäresine gatnaşarlar.