Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
TULM CASCA+ ugry boýunça ýük daşamalara ýeňillikli nyrhlary hödürleýär
09 Maý, 2024 ý.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (TULM) CASCA+, Türkmenistan – Ýewropa we yzyna ugurlary boýunça Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň üsti bilen gatnawlar üçin aýratyn ýeňillikli nyrhlary hödürleýär.

TULM-yň habar bermegine görä, bahanyň möçberine eksport/import boýunça gümrük amallary, howpsuzlyk, ätiýaçlandyryş, birinji mil girmeýär.

Habarda bellenilişi ýaly, demir ýol nyrhlarynyň üýtgän (indeksasiýa) ýagdaýynda nyrhlar bu üýtgeşmä laýyklykda sazlanýar. Şeýle hem bahalar ýük daşalýan wagtynda ekspeditoryň ýa-da demir ýoluň däl-de, ýüki iberijiniň ýa-da ýüki alyjynyň ýalňyşlygy sebäpli ýüze çykyp biljek jerimeleri tölemegi öz içine almaýar.

TULM tarapyndan bellenilen ýeňillikli nyrhlar nebit we nebit önümleriniň, ösümlik önümleriniň we howply ýükleriň daşalmagyna degişli bolup durmaýar.

Konteýneriň agramy umumy agram ölçeglerinden ýokary bolan ýagdaýynda (şeýle daşamaga rugsat berilse), kesgitlenen ýörite nyrhlara taraplaryň çäkleri üçin nyrh syýasatlarynyň çäginde döredilen degişli artýan koeffisientler ulanylýar.

Görkezilen aýratyn ýeňillikli nyrhlar 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär.