Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi halkara bäsleşik yglan edýär
15 Maý, 2024 ý.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi aşakdaky lotlar boýunça halkara bäsleşik yglan edýär.

Lot No.1 - Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň awtoulag hojalygy we konweýer ulgamy üçin serişdeler

Lot No.2 - Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň halas ediş gullugy we ýangyn howpsuzlygy bölümi üçin serişdeler

Lot No.3 - Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ýagtylandyryş ulgamy we gurluşyk-abatlaýyş gullugy üçin serişdeler

Lot No.4 - Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň takelaž enjamlary üçin serişdeler

Basleşige gatnaşmak üçin:

  1. kompaniýanyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, gatnaşyjynyň hasaba alnan ýurduny, poçta salgysyny, telefon we faks belgilerini, e-poçta salgysyny, rekwizitlerini, gatnaşyjynyň kompaniýasy barada gysgaça maglumat, şol sanda kompaniýanyň soňky 3 ýylda (üç) ýylda maliýe ýagdaýy barada, kompaniýanyň iş tejribesi we işgärleri barada görkezmek bilen ýazmaça arza bermeli;
  2. 250 (iki ýüz elli) ABŞ dollary möçberde (şol sanda GBüS harajatlary) tölegi tölemeli we tender resminamalarynyň bukjasyny almaly. Ýerli kompaniýalar 250 (iki ýüz elli) ABŞ dollary möçberde tender tölegini bank kursy bilenmanatda töläp bilerler.

 

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 2024-nji ýylyň 6-njy iýunyna ýerli wagt bilen 16.00 kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri 2024-nji ýylyň 8-nji iýulyna çenli kabul edilýär.

Bäsleşige degişli resminamalar, bukjanyň ýokarky burçunda taslamanyň ady ýazylan ýapyk bukjada bolmaly we aşakdaky salga iberilmeli.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi arza berijiniň bäsleşige gatnaşmak üçin taýýarlan resminamalaryna çykaran çykdajylary üçin jogapkärçilik çekmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 (243) 6-07-82

+993 (243) 4-95-51

+993 65 54-44-51

Faks:

(+993243) 6-07-46

(+993243) 6-07-44

 Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Şagadam köçesiniň 8-nji «А» jaýy