Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
Kazanda «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly halkara ykdysady forumy öz işine başlaýar
16 Maý, 2024 ý.

Kazandaky «Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly XV halkara ykdysady forumy öz işine başlaýar.

«Tatar-inform» habarlar agentliginiň habar bermegine görä, forum «Russiýanyň eksport merkezi» («Российский экспортный центр») paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory Weronika Nikişinanyň ýolbaşçylygynda Russiýa Federasiýasynyň subýektlerinde «Halkara hyzmatdaşlyk we eksport» milli taslamasyny durmuşa geçirmek meselesi baradaky maslahat bilen açyldy.

Şeýle hem ministrler derejesindäki mejlisler geçiriler, olaryň dowamynda ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşylar we möhüm meselelere garalar.

«Agropomparkda» Russiýanyň iň iri halal-platformasy bolan «Kazan Halal Market» sergisi öz işine başlar. Onda bütin dünýäden 4,5 müňden gowrak görnüşli önüm görkeziler.

Tatarystan Respublikasynyň Musulmanlarynyň ruhy müdirliginde bellenilişi ýaly, bu ýer täze döredilen haryt nyşanlarynyň onlarçasynyň özlerini ykrar etdirip biljek ýeri. Bu meýdança azyk önümlerini, kosmetika harytlaryny, egin-eşikleri, esbaplary, aksessuarlary we öý goşlaryy satmak üçin açyldy.

«Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly halkara ykdysady forumy 2009-njy ýyldan bäri her ýyl Tatarystanyň paýtagtynda geçirilýär. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň karary bilen bu çäre 2023-nji ýyldan başlap federal derejä eýe boldy.

Bu çäre 19-njy maýa çenli dowam eder.