Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
Türkmenistan bilen Russiýanyň özara haryt dolanyşygy 2023-nji ýylda 13% ýokarlandy
20 Maý, 2024 ý.

2023-nji ýylyň jemleri boýunça Russiýa bilen Türkmenistanyň özara haryt dolanyşygy fiziki aňlatmada 13% artyp, 678 million tonna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin blen duşuşygynda aýdyldy diýip, Türkmenistan Habarlar portaly habar berdi.

Işewür duşuşyk Kazanda «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» XV halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirildi.

Duşuşygyň barşynda rus harytlarynyň Türkmenistana iberilmeginiň fiziki aňlatmada 11% artandygy (542 million tonna çenli), şol bir wagtda Türkmenistanyň hem Russiýa eksportyny 22% artdyrandygyny (136 mln tonna çenli) belledi.

«Biziň ýurtlarymyz köpsanly ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge goşandy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirýäri» – diýip, Marat Husnullin belledi.