Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
«Dragonoil (Holdings)» kompaniýasynyň wekilleri «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar
31 Maý, 2024 ý.

2024-nji ýylyň 29-njy maýynda “Dragonoil Holdings Ltd.” kompaniýasynyň  wekilleri «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna sapary amala aşyrdylar. Saparyň dowamynda kompaniýanyň Buraw we ösüş boýunça direktory Abdalla AlSuwaidi we Deňiz buraw işleri boýunça direktory Arun Puskarna zawodyň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar. Duşuşygyň dowamynda daşary ýurtly wekiller zawodyň kuwwatlygy we mümkinçilikleri şeýle hem häzirki wagtda alnyp barylýan dürli görnüşli gämileriň abatlama işleri barada gürrüň berdiler we ýerinde tanyşdyrdylar.

Mundan başga-da saparyň dowamynda wekiller bilen “Dragonoil” kompaniýasynyň Hazar deňzindäki buraw desgalaryny abatlamak boýunça hem gepleşikler geçirilip, kompaniýa bilen alynyp barylýar iki taraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlyklary mundan beýläk hem artdyrmak boýunça ähli tagallalaryň ediljekligini belläp duşuşygy tamamladylar.