Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU

Senagat we Hojalyk maksatly önümçilik

"Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda dürli görnüşli gämileri, nebit tankerleri, deňiz platformalary, buksirleri, katerleri ýasamak bilen birlikde, ykdysadyýetimiziň  halk hojalygy we senagat pudagy üçin demirden dürli konstruksiýalary we taýýar önümleri, enjamlary, gurallary ýasamak mümkin.

Gämileri abatlamak hyzmatlary

Gämi abatlaýyş we gurluşyk işlerini Halkara standartlaryna we talaplaryna laýyklykda amala aşyrmak. Gämileriň gabarasyny we uly göwrümli polat listleri posdan arassalamak, gruntowka işleri we boýag işlerini ýerine ýetirmek. Şeýle hem  islendik çylşyrymly gämi gabara we kebşirleýiş işlerini Halkara standartlaryna laýyklykda amala aşyrmak.

Dürli görnüşli turbalary işläp taýýarlamak

Dürli görnüşli podşiwnikleri bassyrmak we tersine egirmek. Şeýle hem turbalaryň gidrawliki synaglaryny ýerine ýetirmek.

IT hyzmatlary

Sanly ulgamlar, wideogözegçilik ulgamy, serwer enjamlary boýunça we 1C
programma üpjünçiligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek.

Uly göwrümli Demir listleri işlemek

Dürli ölçegdäki we ululykdaky demir böleklerini işläp taýýarlamak. Şeýle hem metallary gaýtadan işläp taýýarlamak we hyzmatlary doly toplumlaýyn hödürlemek.

Konteýnerleri boýamak hyzmaty

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” AGPJ-i Türkmenbaşy Halkara Deňiz portuna gelýan dürli görnüşli konteýnerleri buýrujylaryň sargytnamalarynyň esasynda abatlamak, kebşirlemek we boýag etmek hyzmatyny ýerine ýetirip bilýär.

Pirotehniki serişdeler boýunça hyzmatlar

Gämilerde möhleti geçen pirotehniki serişdelerini çalşyp bermek we ýok etmek hyzmatlary ýerine ýetirmek.

Dürli görnüşli metal konstruksiýalary işläp taýýarlamak

Metal konstruksiýalarynyň dartgynlygynyň, galyňlygynyň, radiografiýasynyň synag işleri we ş.m. Şeýle hem metal konstruksiýalary abraziw usulda arassalamak we boýamak. Islendik çylşyrymly metal böleklerini gaz plazmasynda kesmek.