Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
Hyzmatlar
Baş sahypa
Hyzmatlar
Biz barada
Habarlar
Habarlaşmak
tm EN RU

Senagat we Hojalyk maksatly önümçilik

"Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda dürli görnüşli gämileri, nebit tankerleri, deňiz platformalary, buksirleri, katerleri ýasamak bilen birlikde, ykdysadyýetimiziň  halk hojalygy we senagat pudagy üçin demirden dürli konstruksiýalary we taýýar önümleri, enjamlary, gurallary ýasamak mümkin.

Gämileri abatlamak hyzmatlary

Gämileriň gabarasyny we uly göwrümli polat listleri posdan arasslamak, gruntowka işleri we boýag işlerini ýerine ýetirmek.

Uly göwrümli Demir listleri işlemek

Gämi gurluşugynyň we abatlaýyşynyň hem esasy bölegi bolan uly göwrümli demir listleri işlemek, poslardan arassalamak, gruntowka etmek we reňklemek zawodymyzda alynyp barylýan esasy hyzmatlaryň biridir. Bu ugurda ýerine ýetirýän işlerimiz Gämi gurluşyk we abatlaýyş işleriniň halkara standartlaryna hem gabat gelýär.

Bug gazanlary we Kompressorlary öndürmek

Alyp barýan inženerlik işlerimiziň kämilliginiň ýene bir subutnamasy bolsa bug gazanlary we kompressorlar bilen bagly alyp barýan işlerimizdir. Demir önümçiliginde alynyp barylýan işiň standartyndan habar berýän bu çylyşyrymly önümçiligiň inženerçilik işleri ýerli türkmen hünärmenler tarapyndan amala aşyrylýar.

Radiator enjamlaryny ýasamak

Senagatyň dürli pudaklarynda we oba hojalygy pudagynda ýyladyşhanalarda giňden ulanylýan radiotar enjamlary hem "Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda öndürilýär. Bu enjamlaryň önümçiliginiň amala aşyrylmagy zawodymyzyň dürli pudaklar bilen hyzmatdaşlyk esasynda önümçilik alyp barýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Konteýnerleri boýamak hyzmaty

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” AGPJ-i Türkmenbaşy Halkara Deňiz portuna gelýan dürli görnüşli konteýnerleri buýrujylaryň sargytnamalarynyň esasynda abatlamak, kebşirlemek we boýag etmek hyzmatyny ýerine ýetirip bilýär.