Türkmenistanyň Prezidenti täze wise-premýeri we ykdysadyýet ministrini wezipelere belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde täze wise-premýeri we ykdysadyýet ministrini wezipelere belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Şunlukda, Türkmenistanyň döwlet Baştutany Mährijemal Mämmedowany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamy boýunça orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä Bahar Seýidowany belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Mämmetguly Astanagulow maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine bellenildi. Şeýle hem M.Astanagulow Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaçy milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistanyň wezipelerine bellenildi. Ozal bu wezipelerde Serdar Joraýew işleýärdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany mejlisiň dowamynda Soltanmyrat Soltanmyradowy Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyp, Toýguly Nurmyradowy wezipä belledi.

Hökümetiň mejlisiniň dowamynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenilip, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem birnäçe ýolbaşçylar wezipä bellenilip, wezipeden boşadyldy.

10 Fewral, 2025 ý.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly