Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň taryhy
Frunze adyndaky “Krasnawodsk gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” 1941-1995 ýyllarda
1941-nji ýylyň noýabr aýynda “Taganrog gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” we “Rostow gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody «Красный Маяк» ewakuirlenen bazasynda “Krasnowodsk deňiz portunyň” garamagynda “Frunze adyndaky Krasnowodsk gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” Kaspiý gury ýük gämi gatnawlary (КАСПАР) esaslandyryldy.
Meýdany 1,78 gektara barabar bolan Zawod, “KASPARa” degişli bolan “Reni” görnüşindäki özi hereket etmeýän suwuk ýükleri daşaýan gämisinde ýeňil we nawigasion abatlaýyşyny, Portuň kömekçi flotunyň 300 a.g. kuwwatlykdaky tirkeg gämileriniň orta we ýeňil abatlaýyş işleri, “Türkmenbalyk” trestine degişli bolan balykçy flotunyň gämileriniň orta we ýeňil abatlaýyş işleri geçirildi.
Wagtyň geçmegi bilen, 1976-njy ýylda “Frunze adyndaky Krasnowodsk gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” önümçilik kuwwatlylygy boýunça alnyp barylan hasaplamalara laýyklykda enjamlarynyň we tehniki üpjünçiliginiň täzelenmesine zerurlyk ýüze çykdy.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda, döwrebap deňiz söwda flotunyň döremegi boýunça Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň dünýä derejesindäki milli suw ulag ulgamy boýunça döwrebap tankerleri, Ro-Pax görnüşdäki paromlary, port tirkeg gämileri, ýokary tizlikli ýolagçy gämileri bilen üpjün edilip, şonuň bilen bilelikde döwrebap gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň zerurlygy ýüze çykaryldy. Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda deňiz söwda flotuny täze gämileri bilen üpjün etmekde, ýerli we daşary ýurt gämileriniň abatlaýyş işlerini geçirmekde, Türkmenistanda gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş işleriniň dünýä derejesinde ösmekligi boýunça işler geçirildi.
Bu babatda, 2014-nji ýylda «Gap Inşaat Yatirim ve Diş Ticaret A.Ş.» türk kompaniýasy bilen “Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň taslamasyny düzmek we onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp toplumlaýyn gurluşygynyň “Doly taýýar edip tabşyrmak” görnüşli şertnama baglanşyldy we portuň düzümindäki täze döwrebap tehnologiýaly we tehniki-enjamly gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody guruldy. 2018-nji ýylyň maý aýynda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda täze Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň dabaraly açylyşy geçirildi.
Gämi gurluşygy boýunça meýilnamalar
Ýolagçy gatnaw gämileri, gury ýük gämileri, konteýner daşaýan gämileri, läbik sorujy gämileri, üpjünçilik gämileri, nebit daşaýjy tankerleri we ş.m dürli görnüşli gämileri bilelikde gurmak boýunça öňdebaryjy daşary ýurt gämi gurluşyk zawodlary bilen gürrüňdeşlikler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm
TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2024. Ähli Hukuklary Goragly