«Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara ulag geçelgesini döretmek boýunça hökümetara Ylalaşyga gol çekiler

10-njy fewralda «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dörttaraplaýyn iş duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň, ulag ulgamy boýunça jogapkär ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda ýük gatnawlaryny ösdürmäge, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge degişli meseleleriň üstünde durlup geçildi.
Taraplar taslamanyň oňa gatnaşyjylaryň ählisi üçin söwda gatnaşyklaryna ýetirjek oňyn täsirini, şeýle hem Ýewropa we Aziýa bazarlaryny baglanyşdyrmak üçin ýük daşamak ulgamyna ýöriteleşen halkara guramalaryny çekmegiň möhümdigini bellediler.
Şeýle-de taraplar ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, sanly tehnologiýalary ulanmagyň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şu ýyl gol çekilmegi meýilleşdirilýän «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda halkara ýük gatnawynyň ösdürilmegine möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.
12 Fewral, 2025 ý.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly