Türkmenistan – YHG: ulag pudagynda, serhetýaka söwdada hyzmatdaşlygy ösdürmeklige seredildi

Tähran şäherine iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda ulag pudagynda we serhetýaka söwda gatnaşyklarynda hyzmatdaşlyk meselelerine hem-de Türkmenistan bilen YHG-niň arasynda özara gatnaşyklary has-da ösdürmegiň ugurlaryna garaldy.

Türkmenistanyň Dim-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, R.Meredow bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli ulgamlarda geljekki ädimler üçin möhüm binýat bolup hyzmat edýän Ulag we üstaşyr geçirmek boýunça çarçuwaly ylalaşygyň hem-de YHG-a agza döwletleriň Söwda ylalaşygynyň ähmiýeti bellenildi.

Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjek bilelikdäki okuw maslahatlary we tejribe sapaklary geçirmek maslahatlaşmalaryň möhüm ugry boldy. Baş sekretar 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda durnukly ösüş boýunça çäreleri geçirmegi teklip etdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar netijeli dialogyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasda ösdüriljekdigine pugta ynam bildirdiler.

13 Fewral, 2025 ý.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly