Türkmenistanyň çäginden geçjek konteýner otlusy Hindistandan Gazagystana tarap ýola düşdi

Halkara ulag geçelgelerini giňeltmek maksatnamasynyň çäklerinde Hindistan bilen Gazagystany birleşdirýän ilkinji konteýner otlusy herekete başlady. Bu barada Özbegistanyň demir ýollary habar berýär.
Taslama sebitdäki üç sant esasy ulag-logistika operatorynyň gatnaşmagynda bilen amala aşyryldy. Olar Özbegistanyň resmi demir ýol ekspeditor kompaniýasy bolan «Uztemirýulkontýener» paýdarlar jemgyýeti, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi (TULM) hem-de Gazagystanyň iri logistika terminal operatory bolan «Kedentranssowýes» paýdarlar jemgyýetidir.
Otlynyň düzüminde 12 sany 20 futluk konteýner bar. Otly Hindistanyň Mundra portundan ugrap, Gazagystanyň Sorokoýa demir ýol bekedine tarap hereket edýär.
Bu ugur Eýran, Türkmenistan we Özbegistan ýaly ýurtlaryň çäginden geçýär. Umuman, otly 5 885 kilometr ýol geçýär. Şonuň 1 585 kilometri deňiz arkaly, 4 300 kilometri bolsa demir ýol arkaly geçilýär.
Bellenilişi ýaly, bu ulag geçelgesi mundan öň hem Hindistandan Özbegistana konteýner daşamak üçin Munda – Sergeli ugry boýunça üstünlikli ulanylypdy. Emma indi onuň gerimi ilkinji gezek Gazagystana çenli giňeldildi.
«Uztemirýulkontýener» PJ-niň ýolbaşçysy M.K.Mirhamidowyň belleýşi ýaly, kompaniýa Hindistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky multimodal geçelge boýunça konteýner otlularyny yzygiderli gatnatmagy meýilleşdirýär. Bu bolsa sebitdäki söwda gatnaşyklaryny ep-esli pugtalandyryp, eksport we import mümkinçiliklerini giňelder.
05.03.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly