AŞGABATDA HYTAÝ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň partiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary Sin Şanpiniň arasynda duşuşyk geçirildi
Pikir alyşmalaryň barşynda häzirki wagtda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ugurlaryň giň toplumy boýunça depginli ösýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma eýe bolan esasy we has möhüm ugurlary dogrusynda durup geçdiler.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşmagyň, dostlugyň ýokary derejesi netijeli döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin oňaýly şertleri döredýär.
Gepleşiklere gatnaşyjylaryň umumy pikirlerine görä, häzirki wagtda parlamentleriň we partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklar işjeň alnyp barylýar, iki ýurduň syýasy partiýalarynyň wekilleriniň özara saparlary yzygiderli guralýar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar dostlukly dialogy pugtalandyrmakda söwda-ykdysady gatnaşyklaryna möhüm ornuň degişlidigini bellediler.
Medeni-ynsanperwer ulgamda ylym, bilim, medeni alyşmalar, hytaý diliniň öwredilmegi ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy bellenildi.
Söhbetdeşler özara Medeniýet günleriniň ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga itergi berýändigini nygtadylar.
12.03.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly