Aşgabat Howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahatyny kabul eder

Howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty 2025-nji ýylyň 13-15-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu çäre Bütindünýä bankynyň “Täjigistanyň durnukly landşaftyny dikeltmek” taslamasynyň (RESILAND Tajikistan), Merkezi Aziýa üçin Suw-energetika maksatnamasynyň (CAWEP), Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada howanyň töwekgelçiliklerini dolandyrmak” sebit maksatnamasynyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi tarapyndan guralýar.

Sebitde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen bu maslahatyň esasy temasy “Merkezi Aziýada sebit we milli hereketler arkaly klimatiki maliýeleşdirmegiň global maksadyny gazanmak” diýlip atlandyrylýar. Maslahat Baku şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň Maslahatynyň 29-njy sessiýasynda ylalaşylan maliýe borçnamalaryň anyk hereketlere öwrülmeginiň wajyplygyna, şeýle hem howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ünsi çekdi.

Gatnaşyjylar howanyň üýtgemeginiň netijelerini gowşatmagy, Milli derejede goşantlary kesgitlemegiň üçünji görnüşini işläp taýýarlamagy (MDGK 3.0), şeýle hem bu ugura maliýe serişdelerini çekmegy we olary netijeli dolandyrmagy ýaly meseleler ara alyp maslahatlaşarlar. Maslahatyň howa bilen baglanyşykly çözgütleriň ulgamynda tejribe we innowasiýa alyşmak üçin meýdança boljakdygyna garaşylýar. Bu bolsa sebitiň ýurtlaryna howa bilen baglanyşykly çagyryşlara uýgunlaşyp, durnukly ösüşi gazanmaga ýardam berer.

20.03.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly