Türkmenistan bilen BAE ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Hameli bilen ulag ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşmak maksady bilen duşuşyk geçirdi.

BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň sişenbe güni habar bermegine görä, gepleşikleriň barşynda ulag, logistika we aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça jikme-jik pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ulag, aragatnaşyk, kosmos, kiberhowpsuzlyk we sanly ykdysady ösüş babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän döwlet edarasy hökmünde degişli ugurlarda döwlet dolandyryşy we gözegçiligini amala aşyrýar.

Mundan öň, Türkmenistan bilen BAE tebigy gaz, eletroenergetika, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we ulag-logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

26.03.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly