UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada DIM-iň resmi saýty habar berýär.

Söhbetdeşligiň başynda myhmany UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, R.Meredow oňa ýurdumyzyň bu halkara düzümi bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen işinde üstünlikleri we täze sepgitleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar Türkmenistan bilen UNFPA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge ylalaşdylar. Şu nukdaýnazardan, 2021-2025-nji ýyllar üçin UNFPA-nyň Türkmenistan boýunça ýurt Maksatnamasynyň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmeginiň çäginde bilelikdäki işleriň netijeliligi nygtaldy.

Reproduktiw we enäniň saglygyny gowulandyrmak, gender deňligi, demografiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini we gender kadalaryny ilerletmek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler.

27.03.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly