Türkmenistan Türkmenbaşy demir ýol menzilindäki wagonlary arassalaýjy desganyň durkuny täzelemekçi

Türkmenistanda Türkmenbaşy demir ýol menzilindäki wagonlary arassalaýjy desganyň durkuny täzelemek boýunça taslama taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu çäreler demir ýol pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işgärler  üçin amatly iş şertlerini döretmäge gönükdirilendir.

M.Çakyýew pudagyň netijeli işlemegi üçin geçiriljek işleriň möhüm ähmiýetini nygtap, degişli desgalaryň durkuny täzelemek boýunça teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.

Serdar Berdimuhamedow demir ýol ulagy pudagynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň ähmiýetini nygtap, munuň üçin demir ýol menzilleriniň häzirki döwrüň talaplaryna görä işlemeginiň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany degişli desgany döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullap, agentligiň ýolbaşçysyna degişli çäreleri geçirip başlamagy tabşyrdy.

01.04.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly