Hazarda suwasty düzümleriň gurulmagy Ýewraziýada energetika, ulag durnuklylygyny üpjün eder

Türkmenistan Hazar deňzinde suwasty üpjünçilik ulgamlarynyň gurulmagyny umumylykda, bähbitleri we peýdany deňhukukly hasaba almak esasynda Ýewraziýa sebitinde energetika, ykdysady, ulag durnuklylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti hasaplaýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Samarkant şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” birinji sammitiň dowamynda mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Bu ugur ähli kenarýaka döwletleriň ykdysady talaplaryna laýyk gelýär hem-de Ýewraziýada energetika, ulag we ykdysady durnuklylygyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýär.
Ulag-aragatnaşyk, hususan-da, Gündogar-Günbatar we Günbatar-Gündogar durnukly ulag aragatnaşygyny döretmek sebit ösüşiniň möhüm düzümleriniň biri hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Hazarüsti ulag ugruna uly orun berilýär. Türkmenistan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyny, şeýle hem özüniň ýol ulgamlaryny şu taslama üçin ulanmaga taýýardyr.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugur bolmagynda galýar. Türkmenistan ÝB-niň köp ýyllaryň dowamynda Merkezi Aziýa sebitinde durmuşa geçirýän bilim makstanamalaryna ýokary baha berýär hem-de hünär bilimi ulgamynda bilelikdäki taslamany işe girizmek başlangyjy bilen çykyş edýär.
Taryh, arheologiýa, etnografiýa babatda ylmy barlaglary işjeňleşdirmek we ekologiýa maksatnamasyny hem-de etnografiýa syýahatçylygyny ösdürmek teklip edilýän ugurlaryň hatarynda boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şeýle hem Ýewropanyň kompaniýalaryny türkmen bazarynda taslamalary durmuşa geçirmäge çagyrdy. Şunda Türkmenistanyň daşary ýurt maýadarlary üçin iň amatly şertleri döretmäge taýýardygy tassyklanyldy.
07.04.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly