Türkmenistan, BAE gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Abu-Dabi şäherinde geçirilýän 14-nji ýyllyk maýa goýum sammitiniň (AIM Congress) çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady we maliýe meseleler boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow BAE-niň Daşary söwda gatnaşyklary boýunça döwlet ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşykda taraplar gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag we beýleki möhüm pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Ministr Al Zeýudi Türkmenistanyň Merkezi Aziýada BAE-niň möhüm hyzmatdaşy bolup durýandygyny, ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryň hususan-da nebite dahylly däl pudaklarda okgunly ösdürilýändigini belledi. Bu barada Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasy sişenbe güni habar berdi. 

Gepleşiklerde ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we strategik ähmiýetli möhüm ugurlarda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy. 

“AIM Congress” sammiti dünýäniň 180 döwletinden wekilleri bir ýere jemledi. Onuň maksatnamasynyň çäklerinde 1,2 müňden gowrak çykyş edijiniň – işewür toparlaryň, döwlet edaralaryň we bilermenler jemgyýetleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda 400-den gowrak dialog mejlisleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

10.04.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly