Türkmenistan Ýük markalary hakynda halkara Konwensiýasynyň Teswirnamasyny tassyklady

Türkmenistan 1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda halkara Konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna resmi taýdan goşuldy. Degişli Kanun anna güni çap edilen “Neýtralnyý Türkmenistan gazetinde çap edildi.
Halkara Konwensiýa gämileriň suw üstündäki bortuna, şol sanda bölümleriniň bölünişine, adatdan daşary ýagdaýlarda çaýkanmazlyk derejesiniň hasaplanyşyna bildirilýän talaplary kesgitleýär hem-de harby gämilerden başga halkara ýüzüşleri amala aşyrýan, jemi göwrümi 150 tonnadan az bolmadyk ähli gämilere, şol sanda balykçylyk gämilerine, hususy ýahtalara degişlidir.
Şu Teswirnama gatnaşýan taraplar ýük markalarynyň halkara ölçegleri bilen baglanyşykly meseleleri düzgünleşdirýän, kabul eden ähli täze kanunçylyk namalarynyň nusgalaryny Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretaryna ibermäge borçlanýarlar.
2003-nji ýylda 1988-nji ýylyň Teswirnamasynyň üýtgetmeler girizilen Goşundysy kabul edildi. Onda zeper ýetmedik ýagdaýlarda gämileriň berklik we çaýkanma derejesine degişli wajyp üýtgetmeler girizildi. Şeýle hem üstki böleginiň gurluşygy, ýygnalyşy, gapylary, lýuklary, maşyn enjamlary bölüminiň ýerleşdirilişi, bortuň üstki böleginiň palubalary, yşyklandyryjylar, ekipažyň goraglylyk derejesi, işgärleriň howpsuz geçmegi üçin serişdeler ýaly dürli elementlere bildirilýän talaplar anyklaşdyryldy.
21.04.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly