Gurbanguly Berdimuhamedow Günorta Gazagystanyň senagat kuwwatlyklary bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew “SPK Turkistan” senagat parkyna baryp, bu ýerde Günorta Gazagystan sebitiniň senagat üstünlikleri we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary bilen tanyşdylar. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.
Parkyň çäginde jemi bahasy 36,5 milliard teňňe bolan 6 sany maýa goýum taslamasy durmuşa geçirilýär. Bu ýerde ýagyş we damjalaýyn usulda suwarmak boýunça ulgamlaryň, oba hojalyk tehnikalaryň, mekdep, lukmançylyk we edara mebelleriniň, içki gapylaryň we senagat maksatly sowadyjylaryň önümçiligi ýola goýlandyr.
Toplumy ösdürmegiň indiki tapgyry 70 gektar meýdanda 112 sany desganyň gurulmagyny hem-de umumy bahasy 39,7 milliard teňňe bolan 13 sany täze taslamanyň işe girizilmegini öz içine alýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew şeýle hem kosmos, maşyngurluşygy, metallurgiýa, gurluşyk, ýeňil, azyk we himiýa senagatynyň önümleri bilen tanyşdyrýan gazagystanly önüm öndürijileriň sergisini hem synladylar.
Sergide awtomobiller, oba hojalyk we gündelik tehnikalar, lukmançylyk enjamlary, senagat akkumulýatorlary, mebeller, dokma önümleri hem-de lybaslar görkezildi.
23.04.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly