Türkmenistan “KazanForuma” we “Halal Expo 2025-e” gatnaşar

2025-nji ýylyň 15-16-njy maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” forumy we “Russia Halal Expo 2025” sergisi geçiriler. Bu çäreler Yslam dünýäsiniň giňişliginde ykdysadyýeti, halal önümler senagatyny we maliýe hyzmatlaryny ösdürmäge hem-de sanly tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerletmäge we maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär. 

Türkmenistan foruma gatnaşjakdygyny tassyklap, onda işewürlik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagy, halal senagatyny ösdürmegi we eksport kuwwatlyklaryny giňeltmegi maksat edinýändigini mälim etdi. 

Habarda bellenilişi ýaly, geçiriljek forum Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşi üçin giň mümkinçilikleri açar. Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagy daşary ýurt maýa goýumlarynyň artdyrylmagyna, täze söwda gatnaşyklarynyň döredilmegine, milli bazaryň Yslam dünýäsiniň ykdysady giňişligine mundan beýläk-de utgaşmagyna ýardam eder. 

“KazanForum 2025” Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň arasynda ykdysady, medeni we tehnologiýa arabaglanyşygyň möhüm ähmiýetini nygtaýan strategik hyzmatdaşlyk üçin amatly meýdançadyr.

23.04.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly