Türkmenistan Gyrgyzystana Türkmenbaşy portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy teklip etdi

Türkmenistan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastruktura mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin gyrgyz tarapyna özara kabul ederlikli şertleri döretmäge taýýar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşygynda aýtdy.

«Biz sebitimiziň ulag-logistika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny görýäris. Şoňa görä-de, Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar üstaşyr ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmagy zerur hasaplaýarys. Şunuň bilen baglylykda, Pars aýlagyndaky we Hazar deňzindäki portlara çykmak arkaly Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan ugry strategik taýdan möhüm ädim bolup durýar. Biz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastruktura mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin özara kabul ederlikli şertleri döretmäge taýýardyrys» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gyrgyz toparynyň birinji mejlisi şu ýylyň 28 — 30-njy aprelinde Bişkek şäherinde geçiriler.

25.04.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly