Türkmenistan we Belgiýa gümrük hyzmatdaşlygyny giňeltmekçi

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow anna güni Brýussel şäherinde Belgiýanyň Gümrük we paç meseleleri boýunça baş müdirliginiň baş direktory Kristian Wanderwaýer bilen duşuşdy.
Taraplar gümrük ulgamynda, şol sanda gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak we hünär tejribeligini alyşmak babatda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berýär.
Türkmen diplomaty Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Okuw merkezini Bütindünýä gümrük guramasynyň Sebitleýin okuw merkezi hökmünde ykrar etmek başlangyjy barada tanyşdyrdy. Belgiýa tarapy bu başlangyja oňyn garaýşyny beýan edip, onuň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny nygtady.
Duşuşyga gatnaşyjylar degişli ugurda gepleşikleri dowam etmäge, iki ýurduň arasynda söwda we logistika gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Belgiýanyň Gümrük we paç meseleleri boýunça baş müdirligi – bu Belgiýa Patyşalygynyň Federal jemgyýetçilik gullugynyň (FPS Finance) düzümine girýän edaradyr. Bu edara import we eksport, harytlaryň üstaşyr geçirilmegine, gümrük ýygymlarynyň we paçlarynyň girizilmegine hem-de bikanun haryt dolanyşygynyň öňüniň alynmagyna, söwda kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar.
28.04.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly