Serdar Berdimuhamedow senagat howpsuzlygynyň düzgünlerini işläp taýýarlamagyň tertibini tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde senagat howpsuzlygy ulgamyndaky düzgünleri we kadalary işläp taýýarlamagyň we tassyklamagyň tertibi hakynda Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Degişli resminama “Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasyna laýyklykda senagat howpsuzlygyna gözegçilik etmek maksady bilen kabul edildi diýlip Hökümet mejlisinde mälim edildi.

Degişli taslamanyň taýýarlanylandygy hakynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Wise-premýeriň hasabatynda mälim edilmegine görä, degişli resminama “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan degişli ministrlikler, pudak edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmekde we kämilleşdirmekde senagat howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmegiň wajyp bolup durýandygyny nygtady. Türkmenistanyň döwlet Baştutany resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere ugratdy hem-de resminamanyň ýerine ýetirilmegi boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.

28.04.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly