Türkmenistan we YHG söwda ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary doktor Asad Majid Han guramanyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.

Asad Majid Han YHG-niň işine Türkmenistanyň işjeň gatnaşýandygyna ýokary baha berip, sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýurduň ygrarlydygyny we forumyň üstünlikli geçirilendigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda Baş sekretar esasy söwda görkezijiler barada durup geçip, 2023-nji ýylda YHG-a agza ýurtlaryň daşary söwda dolanyşygynyň umumy möçberiniň $1 trillion 16 milliarda ýetendigini, gurama agza ýurtlaryň arasyndaky söwdanyň möçberiniň bolsa $82 milliarda ýetendigini belledi.

Asad Han YHG-niň çäklerinde Eýran bilen serhet ýakada bilelikdäki söwda zolagyny döretmek boýunça tehniki-ykdysady esaslandyrmalary geçirmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjyna oňyn baha berdi. Ol şeýle hem dürli ugurlar boýunça ministrler derejesinde geçiriljek mejlisler barada N.Atagulyýewa gürrüň berdi hem-de türkmen tarapyny olara işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Ykdysady gatnaşyklary berkitmegiň zerurdygyny bellän YHG-niň ýolbaşçysy esasy ylalaşyklary, şol sanda YHG-niň Söwda baradaky ylalaşygyny (ECOTA) we Maýa goýumlary giňeltmek we goramak baradaky ylalaşygyny (APPI) baglaşmagyň we tassyklamagyň ähmiýeti barada aýtdy.

Duşuşykda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we YHG-niň sebitinde durnukly ösüşi ilerletmäge özara gyzyklanmalaryň bildirilýändigi tassyklanyldy.

1985-nji ýylda esaslandyrylan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) 10 ýurdy – Türkmenistany, Owganystany, Azerbaýjany, Eýrany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Pakistany, Täjigistany, Türkiýäni we Özbegistany özüne birleşdirýän sebitleýin gurama bolup durýar. Ştab-kwartirasy Tähran şäherinde ýerleşýän gurama söwda, ulag, energetika we syýahatçylyk ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegini öz işinde esasy ugur edinýär.

30.04.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly