Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Fransiýa resmi sapar bilen bardy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni resmi sapar bilen Fransiýa Respublikasyna bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Irden Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň resmi adamlary ugratdylar. Pariž şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bezelen “Orli” halkara howa menzilinde türkmen wekiliýetiniň uçary gelip gondy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Fransiýanyň wekilleri hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalary tarapyndan mähirli garşylandy. Resmi garşylamak dabarasyna hormat garawulynyň esgerleri hem gatnaşdylar. 

Resmi garşylamak dabarasynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň resmi wekili bilen gürrüňdeş boldy. Fransuz wekili Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga Fransiýanyň gyzyklanma bildirýändigini nygtap, saparyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. 

Habarda bellenilişi ýaly, şu gezekki sapar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşine goşmaça itergi berip, Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklarda täze sahypany açar.

06.05.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly