Türkmenistan fransuz işewürlerine maýa goýmaga amatly şertleri teklip etmäge taýýar

Türkmenistan maýa goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin fransuz işewürlerine ähli amatly şertleri teklip etmäge taýýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Pariž şäherinde geçirilen Türkmen-fransuz ykdysady forumynda mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara pul gaznasynyň seljermelerine salgylanmak bilen, Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösýän ýurtlaryň hataryna girýändigini, ýurtda halkara ülňülere laýyk gelýän, maýa goýumlaryň goraglylygyny üpjün edýän, döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadynyň döredilendigini belledi.
Nebitgaz, himiýa senagaty, ulag, derman senagaty we hemra aragatnaşygynyň tehnologiýalary ýaly ugurlarda fransuz harytlaryny hem-de hyzmatlaryny Türkmenistanda ilerletmek fransiýaly telekeçiler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça öňe sürlen teklipleriň hatarynda boldy. Geologik barlag, metan zyňyndylaryny azaltmak, şäher gurşawyny ösdürmek we “ýaşyl” hem-de wodorod energetikasy ulgamlaryna öňdebaryjy fransuz tehnologiýalaryny çekmek ikinji möhüm ugur hökmünde görkezildi.
Üçünji möhüm ugur türkmen bazaryndaky taslamalara Fransiýanyň kiçi we orta işewürleriniň gatnaşmagy bilen bagly boldy. Dördünji ugur hökmünde syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk görkezildi. Bellenilip geçilen ugurlarda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ileri tutulýan bäşinji ugur hökmünde beýan edildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem 2025-nji ýylda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň nobatdaky mejlisini, şeýle hem Energetika meseleleri boýunça türkmen-fransuz iş toparynyň mejlisini geçirmegi teklip etdi. Şeýle hem 2024-nji ýylda Pariž şäherinde geçirilen energetika forumy ýaly halkara möçberindäki çäreleri gurmagy dowam etmäge gyzyklanmalar beýan edildi.
Türkmenistan şeýle hem ýurduň çäginden tapylan, bürünç asyryna degişli taryhy tapyndylaryň sergisini 2027 – 2028-nji ýyllarda Pariž şäherinde guramagy teklip etdi.
08.05.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly