Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Türkiýe, Eýran, Hytaý demir ýol nyrhlaryny ylalaşdylar

Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Türkiýe, Eýran, Hytaý demir ýol nyrhlaryny ylalaşdylar Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Türkiýe, Eýran we Hytaý demir ýol arkaly ýük daşamalarda umumylaşdyrylan nyrhlar hakynda möhüm ylalaşyk gazandylar.Ylalaşygyň maksady Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary arkaly Hytaý – Ýewropa ugry boýunça ýük daşamalaryň möçberlerini artdyrmakdan ybaratdyr.
Tähran şäherinde alty ýurduň demir ýol edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary arkaly Hytaýdan Ýewropa uzaýan ulag geçelgesini ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Hytaý-Gazagystan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe/Ýewropa ugry boýunça demir ýol arkaly ýük daşamalarda bäsdeşlige ukyply we ylalaşylan nyrhlary tassyklamak geçirilen maslahatyň esasy netijesi boldy.
Taraplar şeýle hem ýük daşamalaryň möçberlerini artdyrmak we hyzmatyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreler barada hem ylalaşdylar. Nyrhlary umumylaşdyrmakdan daşary, ýükleri eltmegiň bitewi kesgitlenen wagty we ýeňilleşdirilen amallar ýaly logistika işiniň möhüm ugurlary boýunça ylalaşyklar gazanyldy.
Garaşylyşy ýaly, bu başlangyç degişli geçelgäni ykdysady taýdan has bähbitli, Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwda gatnaşyklary üçin ygtybarly ugra öwrer. Aziýanyň we Ýewropanyň ulag arabaglanyşygyny gowulandyrjak ugur sebitleriň ykdysady ösüşine ýardam berer.
Gazagystanyň berýän maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň ilkinji dört aýynda Gazagystanyň üsti bilen Hytaýdan Eýrana iberilen konteýner ýükleriniň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2,6 esse artdy. Munuň özi Ýewraziýadaky söwda gatnaşyklarynda bu geçelgäniň ähmiýetiniň barha artýandygyny görkezýär.
15.05.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly