«BALKAN» GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODYNDA IKINJI GURY ÝÜK GÄMISINIŇ «KEEL LAYING» DABARASY

2025-nji ýylyň 15-nji maýynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde ikinji gury ýük gäminiň «Keel Laying» ýagny, gäminiň düýbini tutma dabarasy geçirildi. Bu waka, Türkmenistanyň Prezidentiniň 680 belgili “Gury ýük gämilerini gurmak baradaky” kararyny ýerine ýetirmekde möhüm tapgyra öwrülip, «Balkan» zawody bilen Koreýanyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämilerini bilelikde gurmak barada şertnamany durmuşa geçirmekde möhüm tapgyra ýetildi.

Dabara «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýolbaşçylary, «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň taslama menejerleri, Fransiýanyň «Bureau Veritas» klassifikasion jemgyýetiniň wekilleri, şeýle hem Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär mekdebiniň talyplary gatnaşdy.

Zawodda şol bir wagtyň özünde iki sany gämileriň gurluşyk işleriniň ýokary derejede alnyp barylýandygyny belläp geçmek bolar. Işgärleriň yhlasy we höwesi netijesinde ep-esli iş tamamlandy. Iki gury ýük gäminiň gurluşygy 2024-nji ýylyň awgust aýynda başlandy we 2024-nji ýylyň 11-nji noýabrynda geljekki gämileriň ilkinji bloklary gurluşyk meýdançasyna çykaryldy. 2025-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda geçen ilkinji gäminiň «Keel Laying» dabarasy gämi gurluşygynda möhüm ädime eýe boldy.

Ikinji gäminiň «Keel Laying» dabarasy, ýurduň gämi gurluşygy pudagyndaky taryhy pursatlaryndan biridir we Türkmenistanyň gämi gurluşyk pudagynyň ösüşini görkezýän häzirki zaman ýük gämisiniň ýene biriniň gurluşygynyň başlangyjydyr. Bu taslamalar milli gämi gurluşygynyň üstünlikli ösmeginiň we bu möhüm ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň güýçlenmeginiň aýdyň görkezijisi bolup durýar.
15.05.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly