Prezident Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan “Petronasyň” täze tekliplerine seretmäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çarşenbe güni Aşgabatda Malaýziýanyň “Petronas” nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufik bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany öz ýurdunyň hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge gönükdirilen anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistanyň Prezidenti şu gezekki gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysadyýet, ulag, bilim we medeniýet ýaly ulgamlarda malaýziýaly kompaniýalar bilen özara gatnaşyklary berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.
“Petronasyň” ýolbaşçysy öz gezeginde Türkmenistanda işlemegiň kompaniýa üçin uly hormatdagyny nygtap, taslamalary geljekde hem durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.
Gepleşikleriň çäklerinde taraplar ýangyç-energetika pudagyny iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar.
Şu ýylyň aprel aýynda “Türkmennebit” döwlet konserni we “Petronas Carigali” (Türkmenistan) kompaniýasy özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.
16.05.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly