Gurbanguly Berdimuhamedow “KazanForumda” bitewi Ýewraziýa geçelgesini döretmegi teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumynyň mejlisindäki çykyşynda Yslam dünýäsiniň ýurtlary üçin bitewi energetika, infrastruktura we ulag geçelgesini döretmegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu başlangyjy Ýewraziýanyň çägi boýunça harytlaryň we hyzmatlaryň ösdürilmegine gönükdirilen gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman görnüşi hökmünde häsiýetlendirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Yslam döwletleriniň Ýewraziýanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna çenli yklymy baglanyşdyrýan bitewi energetika, ulag we tehnologik guşagyny döredip biljekdiklerini belledi.
Hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşi amala aşyrylan ýagdaýynda, harytlaryň, hyzmatlaryň gysga ýol arkaly eltilmegi üpjün ediler. Strategik taýdan ähmiýetli bolan bu guşak ählumumy hyzmatdaşlyk üçin köpri bolar hem-de söwda we nyrh syýasatyna, şeýle hem dünýä ykdysadyýetiniň umumy ýagdaýyna we gurşawyna oňyn täsirini ýetirer diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki zaman geosyýasy we ykdysady şertlerde Yslam dünýäsiniň ählumumy ykdysady ösüş üçin itergi beriji güýje öwrülip biljekdigine ünsi çekdi.
“Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumy 13 – 18-nji maýda Tatarystanyň merkezi şäherinde geçirilýär.
Kazan şäherine iş saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen hem duşuşdy.
20.05.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly