Türkmenistanyň we Hytaýyň DIM-leriniň ýolbaşçylary strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Syýasy býurosynyň agzasy, DIM-iniň ýolbaşçysy Wan I duşenbe güni ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ulgamlardaky meselelerini telefon arkaly söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşdylar. Onda syýasy-diplomatik, ykdysady we energtika ulgamlarda strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Söhbetdeşler halkara giňişlikde, şol sanda BMG-niň çäklerinde birek-biregi köp ýyllaryň dowamynda goldamagyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolmagynda galýandygyny bellediler. Ähli esasy ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmekde ygtybarly binýat bolup hyzmat edýän ýokary derejedäki ynanyşmak dialogynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Taraplar daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gepleşikleri, şol sanda syýasy geňeşmeleri geçirmegi dowam etmek barada ylalaşdylar.

2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň kömekçisi Lýu Bin bilen duşuşygy geçirildi.

27.05.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly