Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy

27-nji maýda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy komitetiň utgaşykly görnüşdäki mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, mejlise Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçy düzümi we işgärleri, ýurduň birnäçe ministrlikleriniňdir pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Şu gezekki duşuşygyň gün tertibine häzirki wagtda hereket edýän Çarçuwaly maksatnamanyň ýerine ýetirilişine syn bermek, 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamanyň indiki tapgyryna garamak, şeýle hem 2026 — 2030-njy ýyllar üçin BMGÖM-niň, ÝUNISEF-iň hem-de UNFPA-nyň Ýurt boýunça maksatnamalaryny tassyklamak ýaly meseleler girizildi.
Mejlisde Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda ýola goýulan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi, diňe umumy tagallalar arkaly durnukly ösüşi üpjün etmek işinde häzirki döwriň talaplaryna hem-de hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin bähbitlerine kybap gelýän oňat netijelere ýetmegiň mümkindigine ynam bildirildi.
Şunuň bilen baglylykda, orta we uzak möhletleýin meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň binýadynda bilelikdäki ulgamlaýyn işiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy diýlip, habarda bellenilýär.
29.05.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly