«BALKAN» GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODYNYŇ HYZMATLARY KÄMILLEŞDIRILER»

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlar kämilleşdiriler. 29-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurduň deňiz flotunyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hasabatda aýdylmagyna görä, häzirki wagtda bu ugurda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan zerur işler geçirilýär. Munuň özi gämilere hyzmat etmek işleriniň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär. Agentligiň ýolbaşçysy bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurduň deňiz flotunyň işini halkara talaplar esasynda ýola goýmagyň, gämileri yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ähmiýetini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlary kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
02.06.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly