TÜRKMEN-MONGOL GEPLEŞIKLERINIŇ NETIJESINDE 14 RESMINAMA GOL ÇEKILDI

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Ulan-Batorda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň jemleri boýunça 14 sany resminama gol çekildi.
Habarda bellenilişine görä, iki ýurduň Prezidentleri tarapyndan Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bilelikdäki Jarnama gol çekildi.
Şeýle-de gol çekilen resminamalaryň arasynda:
- Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara topary döretmek hakynda ylalaşyk,
- 2026-2027-nji ýyllar üçin iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň hyzmatdaşlyk maksatnamasy,
- Söwda, ykdysadyýet we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2026 — 2028-nji ýyllar üçin orta möhletli hökümetara maksatnama,
- Ýeňil senagat pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama,
- Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyk,
- Ulan-Bator hem-de Aşgabat şäherleriniň arasynda doganlaşan şäher gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça Ähtnama
- Mongoliýanyň «MONTSAME» Milli habarlar gullugy bilen Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) arasynda habar we maglumat alyşmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama
Umuman alnanda, gol çekilen ylalaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarynyň dürli ugurlaryny öz içine alýar.
03.06.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly