Türkmenistan ABŞ-nyň işewür düzümleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 2025-nji ýylyň 8-nji iýunynda “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Hökümetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür düzümleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ygrarlylygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Söwda-ykdysady ulgam, ýangyç-energetika pudagy, ulag we aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamy we beýlekiler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem söhbetdeşler kiberhowpsuzlyk, ýaşyl tehnologiýalar we bilim ýaly möhüm ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garadylar. «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň işine we onuň döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky ornuna aýratyn üns berildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegine özara gyzyklanma bildirdiler.

10.06.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly