TÜRKMENISTAN DELEGASIÝASY ŽENEWADA BIRNÄÇE IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYKLAR GEÇIRDI

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara Zähmet Maslahatynyň 113-nji mejlisiniň çäklerinde 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda möhüm halkara guramalar bolan Halkara Iş berijiler Guramasy we Halkara Kärdeşler Arkalaşyklaryň Konfederasiýasy bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Bu barada Ženewada ýerleşýän Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy habar berýär.
Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapow Halkara Iş berijiler Guramasynyň Baş sekretary Roberto Suares-Santos bilen geçiren duşuşygynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, tehniki goldawyň berilmegi we milli iş berijileriň halkara meýdançalaryna işjeň gatnaşmagy baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Türkmen tarapy Halkara Iş berijiler Guramasy bilen mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny aýdyp, bilelikdäki başlangyçlaryň ähmiýetini we işewürligiň sosial ulgamyň geçirýän özgertmelerine işjeň gatnaşygynyň ähmiýetini nygtady.
Halkara Kärdeşler Arkalaşyklaryň Konfederasiýasynyň ýolbaşçysy Lýuk Triangl bilen geçirilen duşuşykda döwlet, iş berijiler we kärdeşler arkalaşyklaryň arasynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Türkmenistandaky kärdeşler arkalaşyklarynyň Halkara Kärdeşler Arkalaşyklaryň Konfederasiýasyna agza bolmak mümkinçilikleri, şeýle hem dialogy giňeltmek boýunça ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli kärdeşler arkalaşyklarynyň halkara we sebit derejesindäki işjeňligi, şeýle hem ýurduň durmuş syýasatynyň kemala gelmegindäki orny aýratyn bellenildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapow 4-nji iýunda geçirilen HZG-niň 113-nji mejlisiniň plenar maslahatynda çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň mynasyp zähmet, durmuş adalaty we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny belläp geçdi. Ministr Halkara zähmet guramasynyň global gün tertibiniň ähmiýetini nygtap, onuň ugurlarynyň Türkmenistanyň 2052-nji ýyla çenli ykdysady we durmuş taýdan ösüş maksatnamasy bilen sazlaşýandygyny belläp geçdi.
11.06.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly