Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriniň ministrleriniň we Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň du­şu­şy­gy­ny hem-de döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň no­bat­da­ky sam­mi­ti­niň ge­çirilmegi bo­ýun­ça hasabat berdi. Bu Hazar sebitinde ekologiýa we daşky gurşaw meseleleri boýunça sebitara dialogy berkitmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer Merkezi Aziýada ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin tagallalara, şol sanda Hazar deňziniň ekologiýasyny goramak meselelerine aýratyn üns çekdi. Ol Türkmenistanyň sebitiň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda ygrarlydygyny nygtap, Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygynyň möhümdigini belledi.

Şeýle hem Raşid Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan teklip edilen we onuň goldamagynda işlenip taýýarlanylýan  Ha­zar eko­lo­gik baş­lan­gy­jy­nyň Kon­sep­si­ýa­synyň­ äh­li ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň ga­ra­ma­gy­na ibe­ri­len­di­gini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Raşid Meredow Aral deňzine degişli mesele barada aýdyp, Türkmenistanyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Aral deňzi boýunça Milli maksatnamany kabul eden sebitiň ýeke-täk döwleti bolup galýandygyny belledi. Bu maksatnamanyň ýerine ýetirilişini seljermek we 2026–2030-njy ýyllar üçin täze görnüşiniň taslamasyny taýýarlamaga girişmek maksady bilen, 27-nji iýunda Aşgabatda  daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pu­da­ga­ra to­pa­ryň mej­li­si geçiriler.

Şeýle hem mejlisde Türk­me­nis­ta­nyň 2017 — 2019-njy ýyl­lar­da Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­na baş­lyk­lyk eden­di­gi bel­le­nil­di.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy gazanmak boýunça halkara derejede öňde goýlan we­zi­pe­le­ri ber­jaý et­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet ber­ilýän­di­gi­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türkmenistanyň döw­let Baş­tu­ta­ny­ bu ugur­da hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len hyzmat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça taý­ýar­la­nan tek­lip­le­ri gol­dap, wi­se-prem­ýer, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­ne degiş­li iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mejlisinde döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li baş­ga-da bir­nä­çe mö­hüm me­se­le­le­re se­re­dil­di we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.

16.06.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly