Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2025” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Sanly çözgüt — 2025” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Ýurtda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen guralýan bu bäsleşigi emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, “akylly” oba hojalyk tehnologiýalary, “akylly” şäher, bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk hem-de hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlar boýunça geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurt boýunça sanly ykdysadyýeti ösdürmekde maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, her ýyl geçirilýän innowasion taslamalaryň bäsleşigine programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlaryň giňden gatnaşmagynyň bu ugurdaky özgertmeleriň rowaçlanýandygyny görkezýändigini belledi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany “Sanly çözgüt — 2025” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek baradaky teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew Türkiýede Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

16.06.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly