Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagty Astana şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda garaýyşlaryny beýan etdiler.
“Sinhua” agentliginiň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda Hytaýyň Lideri Pekiniň Türkmenistana bolan hyzmatdaşlygyny özara hormat goýmak esasynda has-da çuňlaşdyrmaga taýýardygyny belledi. Ol gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, energiýa däl ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmegiň hem-de ikitaraplaýyn söwda ulgamynyň gurluşyny kämilleşdirmegiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.
Şeýle hem Si Szinpin Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy babatda Hytaýyň goldawyny beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilýän “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitine gatnaşmak üçin Astanada iş saparynda bolýar.
18.06.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly