Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda gurluşygy tamamlanýan täze Stomatologiýa merkezine bardy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Stomatologiýa merkezine bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Stomatologiýa merkeziniň otaglarynyň enjamlaşdyrylyşyna, binanyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna degişli şekil taslamalary, köp gatly merkeziň ugurdaş desgalarynyň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Merkeziň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlyk çäresine tejribe alyşmak üçin ýurtda saparda bolýan Germaniýanyň meşhur stomatolog lukmany Aksel Zöllner hem-de onuň ýany bilen döwrebap, sanly ulgam arkaly dolandyrylýan stomatologiýada usulyýet we bejeriş işleri boýunça işleýän kärdeşleri-de gatnaşdylar.
Taslamalar bilen tanyşlygyň çäklerinde Stomatologiýa merkeziniň lukmany J.Garlyýew täze merkeziň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, näsaglaryň ýatymlaýyn bejergi alyp bilmekleri üçin zerur şertleriň döredilmegi merkeziň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde dürli ýaşdaky adamlar, şol sanda çagalar üçin aýratynlykda niýetlenen bölümler bar.
Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy ynanylan Türkiýäniň “GAP Inşaat” kompaniýasynyň wekili merkeziň binagärlik aýratynlyklary, onuň bölümleriniň ýerleşdiriliş tertibi, binanyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Saglygy goraýyş ulgamyna degişli binalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagynyň wajyp talap bolup durýandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu işleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede ýerine ýetirilmelidigini belledi.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri paýtagtdaky Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebinde täze gurulýan Stomatologiýa merkezinde işlemek üçin degişli hünärmenleriň taýýarlanylýandygy we bu işleri dowam etdirmek üçin zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saglyk edaralarynyň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy bilen bir hatarda, bu ugurda sanly ulgamyň talabalaýyk özleşdirilmelidigini, şunda dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmelidigini we lukmanlaryň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmalydygyny belledi.
23.06.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm
TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
