Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezi BGG-niň sebit derejesini alýar

02.07.2025
26 — 28-nji iýun aralygynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde Bütindünýä Gümrük Guramasynyň 145-146-njy mejlisleri geçirildi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) arasynda Türkmenistanda BGG-niň sebitleýin okuw merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Şu Ähtnama sebitde gümrük işi boýunça hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň we BGG-niň hyzmatdaşlygynyň hukuk esaslaryny özünde jemleýär. Merkez öz işini BGG tarapyndan ykrar edilen halkara ülňülerine laýyklykda alyp barar we ol diňe Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň däl, eýsem sebitiň beýleki ýurtlarynyň gümrük edaralarynyň hünärmenleri üçin okuw çäreleriniň geçirilmegini üpjün eder.
Türkmenistanda Sebitleýin okuw merkeziniň döredilmegi halkara bilermenleriň gatnaşmagynda bilelikdäki okuw maslahatlaryny, okuw sapaklaryny, türgenleşikleri we ylmy-barlag işlerini geçirmek, şonuň bilen birlikde türkmen gümrük işgärleriniň halkara tejribesi artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açar.
Şeýlelikde, Türkmenistan sebitleýin derejede gümrük işgärlerini taýýarlamagyň ulgamyny döretmäge öz goşandyny goşýar hem-de Bütindünýä Gümrük Guramasynyň işjeň agzasy hökmünde ornuny pugtalandyrýar diýlip, habarda bellenilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly